Sanly tehnologiýalar ösüş ýolunda

24 Noýabr 2021
1761

Döwrüň tizligi bilen deň gadam urýan Watanymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we halka hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Şeýle hem aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Kakaly ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.