Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ykdysady taýdan uly üstünlikler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimize döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen ýokary öndürijilik, ykdysady tygşytlylyk üpjün edilýär. Şeýle ösüş depgini elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar.
Hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren täze elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi görnetin ýokarlandy. Bu bolsa arassa energiýa çeşmesiniň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrmakda örän ähmiýetlidir.