Guşlar gyşlamaga gelýär

22 Noýabr 2021
3201

Guşlaryň gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Hazar sebitiniň türkmen kenary suw we batgalyk guşlarynyň uçup geçýän ýollarynda ähmiýetli ýerleriň biri bolup, onuň ýyly howasy, baý iýmitli suw ýataklary dürli görnüşli guşlary özüne çekýär. Müňlerçe suw we batga guşlary arly gyşy şu ýerde geçirýärler. Guşlar, esasan, Hazaryň kenarýakasynyň günorta-gündogar bölegindäki Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk we Demirgazyk Çeleken aýlaglarynyň çäklerine ýaýraýarlar. Munuň esasy sebäbi sebitiň asudalygy we guşlar üçin iým gorunyň bolçulygydyr. Guşlaryň rahat gyşlamagy üçin goraghananyň işgärleri öňünden taýýarlyk görýärler.

Guşlaryň gyşlamaga gelýän döwri deňiz giňişligine ser salsaň, göwnüň göterilip, kalbyň joşa gelýär. Gyşlamaga üýşen guşlary göreniňde, haýran galýarsyň. Süri-süri gyzylgazlar gülgün reňkli bulutlar ýaly görünýär. Kenarýaka zolakda köp sanly sakarbaraklaryň, guwlaryň, ýaşylbaş, jygaly we jünekeý ördekleriniň, reňki we biologiýasy täsin uly gyzyl ördekleriň we alagazlaryň iýmlenip ýörenlerine gözüň düşende, ajaýyp tebigatyň gözelligine guwanýarsyň.

Sähetmyrat MÄMMEDOW,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.