Kiberhowpsuzlyk hyzmatlaryny üpjün ediji «Palo Alto» kompaniýasy uzak möhletli ösüşe gönükdirilen täze çözgütlerini işe girizdi. Iň çalt ösýän maglumat üpjünçiligi hyzmatlarynyň ulgamynda ilerleýän kompaniýa telekommunikasiýa hem-de web hyzmatlary bazaryny nazarlaýar. Hut şu sebäpli-de, «Palo Alto» geljekde girdejisiniň durnukly ösüşini üpjün edip biljek uly pudaklarda öňdebaryjy bolmaga ymtylýar. Bu babatda kompaniýanyň her bir paýnamasynyň bahasy şu ýylyň başyndan bäri 47,76% ýokarlanandygyny bellemek gerek.
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «Palo Alto»-nyň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 525,14 dollary möçberinde bahalandy.