Elektrik ulaglary üçin kuwwatlandyryjy stansiýalary öndüriji «Blink Charging» kompaniýasynyň paýnamalary geçen hepde 20% ýokarlandy. Häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegiň ösmegi netijesinde, kuwwatlandyryjy stansiýalardan peýdalanýanlaryň sany gitdigiçe artýar. «Blink Charging» ABŞ-da we bütin dünýäde energiýa akymyny, nyrhlary we başgalary dolandyrmak üçin müşderilere bulutdan birigip bolýan kuwwatlandyryjy stansiýalarynyň ulgamyny hödürleýär.
Geçen hepdedäki birža söwdalarynda kompaniýanyň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 44,66 dollary möçberinde bahalandy.