Hukuk goraýjy enjamlar we programma üpjünçiligi öndüriji «Axon Enterprise» kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginiň netijelerini çap etdi. Hasabata laýyklykda, «Axon»-yň girdejisi 39% artyp, ABŞ-nyň 232 million dollaryna ýetdi.
Maglumat üçin, kompaniýanyň ABŞ-nyň 500 million dollaryna barabar bolan rekord sargytlary hasaba alyndy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 70% ýokarydyr.