«Alphabet» tehnologiýa kompaniýasynyň «Google» internet ulgamy fýuçersler biržasynyň operatory «CME Group Inc.» kompaniýasy bilen kompaniýanyň esasy söwda ulgamlaryny internet ulgamyna geçirmek barada şertnama baglaşdy we şol maksatly ABŞ-nyň 1 milliard dollarna deň maýa goýum harçlamagy meýilleşdirýär. Ylalaşygyň şerti boýunça tehnologiýa ägirdiniň «Google Cloud» bölümi her gün ABŞ-nyň trillionlarça dollaryna barabar söwdalar amala aşyrylýan bazarlarda işlär. Kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, 10 ýyllyk hyzmatdaşlyk «CME Group Inc.» üçin täze ulanyjylary has çalt çekmäge, amallary tertipleşdirmäge we «Google» kompaniýasynyň tehnologiýalary arkaly täze gurallary işläp düzmäge mümkinçilik berer.