Goşa kirşiň taryhy

4 Noýabr 2021
2749

Üstümizdäki ýylda türkmen dutarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagyna taýýarlanylýandygyndan barymyz habarlydyrys. Şonuň üçin-de bu saz guralynyň taryhy we onuň perdeleri bilen dahylly bolan maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Gündogar saz sungatyny öwrenýän sazşynaslar öz ylmy işlerinde dutar sözüniň ilkinji gezek orta asyryň belli alymy Zeýnullabidin al Huseýniniň «Sazyň ylmy we amaly kanuny» atly ylmy işinde duş gelýändigini belläp geçýärler. Ady agzalýan kitapda şeýle at bilen gabat gelse-de, dutaryň täze dörän senet bolman, iki kirişli bolandygy üçin, ony beýleki saz gurallaryndan tapawutlandyrmagy göz öňünde tutup, şol döwürde Gündogar halklarynyň ýazuw edebiýatynda pars dili ýörgünli bolandygy üçin oňa «dutar» — iki kirişli ýa-da iki tarly saz guraly diýip atlandyrylandygyny-da ýatlap geçipdirler. Gürrüňi edilýän bu kitabyň asyl nusgasy arap elipbiýinde pars dilinde ýazylypdyr. Ony 1987-nji ýylda Täjigistanyň «Donyş» neşirýaty Barbat Merweziniň 1400 ýyllyk dabarasyna bagyşlap, okyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Kitap professor A.Semýonowyň rus diline geçirilen nusgasy esasynda çapa taýýarlanylypdyr.

Çaryýar JUMAÝEW,
sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.