Ýaponiýanyň «SkyDrive» kompaniýasynyň öndüren, dikligine uçup hem gonup bilýän ulagy laýyklyk sertifikatyny aldy. Kompaniýa uçýan taksileri işläp taýýarlaýar we olar bilen synag uçuşlaryny amala aşyrýar. Häzirki wagtda dünýäde uçýan ulaglaryň birnäçe görnüşi bar. Emma olaryň ýol hereketine goşulmagyna häzirlikçe rugsat berilmeýär. Munuň üçin kadalaşdyryjy düzgünleriň kanunçylyga girizilmegine zerurlyk duýulýar. Mundan ozal «SkyDrive» kompaniýasy 2025-nji ýylda Osakada geçiriljek Bütindünýä EKSPO sergisinde uçýan ulaglaryny hyzmata hödürlejekdigini mälim edipdi. Bu kompaniýanyň işläp taýýarlan «SkyDrive SD-03» atly ulagyna ýurduň guryýer, infrastruktura, gatnaw we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan berlen resminama onuň dizaýnynyň, gurluşynyň we kuwwatynyň uçýan serişde üçin gerekli howpsuzlyk we daşky gurşaw zerurlyklaryny üpjün edýändigini tassyklaýar.
Ýurtda şeýle resminama ilkinji gezek berilýär. Kompaniýa «SkyDrive SD-03»-i dünýäniň iň kiçi uçýan awtoulagy hökmünde işläp taýýarlady. Bu ulagyň döredilmegine «Toyota Motor» we «Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýasynyň inženerleri hem goldaw berdi. Kompaniýa geçen ýylyň awgustynda bu ulagyň ilkinji synag uçuşyny köpçüligiň öňünde amala aşyrypdy.