Jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandygyça onda maglumat giňişliginiň ähmiýeti artýar. Sanly aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi maglumatlaryň alyş-çalşygyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde şolar ýaly maglumat alyş-çalşygyna döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik guramalary, hususy telekeçiler hem-de ilat tarapyndan isleg barha ýokarlanýar.
Maglumatlary işlemegiň we geçirmegiň sanly tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakda, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem raýat jemgyýetini sazlaşykly ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde täsirli gural hökmünde barha uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmeginde, hususan-da, elektron resminama dolanyşygynyň ýola goýulmagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» orny uludyr. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda elektron resminama dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek, elektron söwda we hasaplaşyk hyzmatlarynyň giň gerimini üpjün etmek, sazlaşykly işleýän elektron senagaty kemala getirmek ýaly möhüm wezipeler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.