Ilkinji foto enjamlar

1 Noýabr 2021
1686

Taryhyň gatlary ynsan paýhasynyň miwesi bolan täsin oýlap tapyşlardan, ylmy açyşlardan doludyr. Ilkinji fotosuratlaryň düşürilmegi hem adamzadyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň biridir.

«Fotograf» grek sözi bolup, «fotos» — ýagtylyk, «grafein» — çyzmak, ýazmak ýaly manylary berýär. Fotograf, ýagny fotosurat ilkinji gezek 1826-njy ýylda fransuz oýlap tapyjysy Jozef Neps tarapyndan düşürilýär. Neps «Penjireden Le Grasyň görnüşi» diýip atlandyrylan surat galaýy bilen gurşun garylan tekiz ýerlikde peýda bolýança 8 sagatlap garaşmaly bolupdyr. Surata düşürmek üçin örän köp wagtyň sarp edilendigi sebäpli, bu usul tizara ýatdan çykarylýar. Soňraky döwürde, ýagny 1837-nji ýylda fransuz himigi Luis Daguerre tarapyndan «Daguerreyotipi» ady bilen ilkinji fotoapparat oýlanyp tapylýar. Bu enjamda surata düşürmek üçin himiki birleşmelere batyrylan kümüş garyndyly aýna gap fotoapparatyň içine goýulýardy. Soňra enjamyň kamerasy ýagtylygyň düşüşine baglylykda, 5 — 40 minut aralygynda surata alynýan şekile tarap öwrülipdir. Düşürilen suratlaryň dury görünýändigine garamazdan, kümüş garylan aýna gabyň çalt döwülýändigi sebäpli, surata düşürmegiň bu görnüşi hem kämilleşip bilmeýär. Ýene şol ýyllarda iňlis alymy Genri Foks Talbot ilkinji gezek suraty kagyza geçirýän fotoapparat oýlap tapýar. Ýöne suratyň bulaşyk çykýandygy we wagtyň geçmegi bilen garalýandygy sebäpli, bu enjam hem unudylýar. «Fotosurat» sözi hem ilkinji gezek bu alymyň düşüren suratlary üçin ulanylypdyr.