«Microsoft» kompaniýasy «Windows»-yň düzüminde oturdylan antiwirusyň täze görnüşini döredýär. Hünärmenler ilkinji baha bermek maksatnamasyna gatnaşyjylaryň arasynda «Microsoft Defender»-yň («Windows»-y goraýjy») synag işlerine başladylar. Täze goşundynyň ady «GibraltarApp» bolup, ol «XAML» we «WPF» tehnologiýalary ulanmak arkaly döredildi. Habarda täze goşundynyň haçan ulanyşa goýberiljekdigi barada habar berilmeýär. Ýöne iri operasiýa ulgamlarynyň täzelenişleriň elmydama maý aýlarynda geçirilýändigini göz öňünde tutsaň, onda
«Microsoft Defender»-iň täze görnüşi köpçülige 2022-nji ýylyň maý-iýun aýlarynda görkeziler.