«Xpeng» uç­ýan aw­tou­lag ön­dü­rip baş­lar

31 Oktýabr 2021
1866

Hy­ta­ýyň «Xpeng» kom­pa­ni­ýa­sy di­ňe bir sür­mä­ge däl, eý­sem, uç­ma­ga hem ukyp­ly bo­lan aw­tou­la­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Ulag «HT Aero» ada eýe bol­dy we ol «Xpeng»-iň gol­çur kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Gör­nü­şe gö­rä, ol aw­tou­la­gyň «Xpeng P7» mar­ka­sy­na meň­ze­ýär: se­dan gör­nüş­de bo­lup, üç ga­py­sy we iki otur­gy­jy bar. Şeý­le-de elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji, uçuş üçin he­re­ket­len­di­ri­ji hem-de ýol­lar­da we ho­wa­da daş­ky gur­şa­wa ba­ha be­rip bil­ýän aw­to­pi­lot ul­ga­my bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Aw­tou­lag ho­wa­da 130 km/sag tiz­lik bi­len he­re­ket ed­ýär we uçuş wag­ty 30 mi­nut bi­len çäk­len­di­ri­len­dir.

Jeren KARLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.