Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri bu gün bütin dünýäniň okyjylarynda uly gyzyklanma döredýär. Milli Liderimiziň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilen kitaplary dünýäniň iň abraýly kitaphanalarynda okyjylary halkymyzyň milli medeniýeti, asylly häsiýetleri we gadymy däp-dessurlary, şeýle-de şu günki günde ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýar.
Bu gyzyldan gymmatly kitaplaryň halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazanmagynyň esasy sebäpleriniň hatarynda bolsa ol eserleriň türkmen dünýäsini Ýer ýüzüne gaýtadan açmagy, bütin adamzady gyzyklandyrýan meseleleriň gozgalmagy we kämil çeperçilik derejesi ýaly aýratynlyklary görkezip bileris.