Ga­dy­my Mü­sür heý­kel­le­ri satyl­dy

21 Oktýabr 2021
2954

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Sad­be­ri şä­he­rin­de ge­çi­ri­len auk­si­on­da bir jü­büt mü­sür sfink­si 195 müň funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Heý­kel­le­riň öň­ki eýe­le­ri ola­ry 15 ýyl­lap how­lu­syn­da sak­lap, onuň üýt­ge­şik ba­ha­sy ýok­dur öý­düp­dir­ler. Bu ba­ra­da «East Ang­li­an Dai­ly Ti­mes» ne­şi­ri ha­bar ber­di. Ne­şi­riň ha­ba­ry­na gö­rä, ar­te­fakt­la­ryň öz­bo­luş­ly­ly­gy ge­çen aý Saf­folk­dan bir maş­ga­la öz öýün­den göç­mez­den ozal, bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len bir metr uzyn­ly­gyn­da­ky heý­kel­le­ri ba­ha­lat­mak ka­ra­ry­na ge­len­soň bel­li bol­dy.
– Bi­ze tä­ze gö­çüp bar­jak ja­ýy­na la­ýyk gel­me­ýän zat­la­ryň kö­pü­sin­den dyn­mak is­le­ýän ýer­li maş­ga­la ýüz tut­dy – di­ýip, auk­si­on­çy Jeýms Man­der gür­rüň ber­di. Öý eýe­le­ri uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da how­lu­la­ry­nyň ha­ky­ky ga­dy­my Mü­sür sfinks­le­ri bi­len be­ze­len­di­gi­ni bil­män, onuň di­ňe nus­ga­la­nan gör­nü­şi­dir öý­düp­dir­ler. Olar bag­da goý­lan heý­kel­le­ri­niň ýa­şy­nyň bäş müň ýy­la deň­di­gi­ni bi­lip, haý­ran gal­dy­lar.
Heý­kel­ler açyk as­ma­nyň as­tyn­da ge­çi­ren ýyl­la­ryn­da köp zy­ýan çe­kip, auk­sio­na ýa­ra­maz ýag­daý­da dü­şen hem bol­sa, bu söw­da iň şow­lu­sy bol­dy. Söw­da­nyň baş­lan­gyç ba­ha­sy 200 funt ster­ling bi­len baş­lan­dy. Ti­za­ra bu muk­dar ýüz müň funt, soň bol­sa 195 müň fun­ta çen­li art­dy. Sfin­k­si satyn almak üçin bir­nä­çe aly­jy öza­ra bäs­leş­di.
Auk­sio­ny gu­raý­jy­la­ryň pi­ki­ri­çe, bu heý­kel­ler şu ýyl we­la­ýat auk­si­on­la­ryn­da sa­ty­lan iň gym­mat heý­kel­le­riň bi­ri bol­dy. In­di mü­sür ar­te­fakt­la­ry­nyň mu­ze­ýe ge­çi­ril­ýän­di­gi ha­bar be­ril­ýär.