Soltan Jelaleddiniň waspy

21 Oktýabr 2021
2634

Parasatly atalarymyzdan miras bolup galan «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýlen bir jowahyr pähim bar. Hakykatdan hem, Gahryman ­Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza peşgeş beren ajaýyp zamanamyzyň beýik ýeňişli menzillerini giňden wagyz etmek, geçmişimiziň täsin syrlara beslenen sahypalaryny, taryhda öçmejek yz goýan şöhratly atalarymyzyň geçen ömür ýoluny içgin öwrenmek hem-de täze ruhy garaýyş bilen dikeltmek giň dünýägaraýyşly, döwür bilen aýakdaş gitmegi başarýar, şonuň bilen bir hatarda-da, watançy nesilleri kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiziň medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda milli baýlyklarymyzy yzygiderli öwrenmekde hem-de dünýä ýüzüne wagyz etmekde saldamly işleri bitiren alymlaryň, belli ýazyjy-şahyrlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň hyzmatyna ýokary baha berip, olaryň galdyran mirasyny öwrenmegiň zerurlygyna ünsi çekdi. Arkadag ­Prezidentimiz bu barada şol taryhy çykyşynda şeýle diýdi: «W. Masson we W. Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň ýurdumyzda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk sahypalaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup galar». Munuň özi, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet baştutanlygynda şanly taryhymyza hem-de halkymyzyň şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyr­makda uly hyzmatlary bitiren türkmen we gaýry ýurtly alymlaryň, ýazyjy-şahyr­laryň, şeýle hem döredijilik dünýäsiniň beýleki wekilleriniň goşan goşandyna goýulýan hormatyň, umumadamzat medeniýetine bildirilýän sarpanyň iňňän ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Taryha ser salsak, Anuşteginler-horezmşalar türkmen döwletiniň iň soňky soltany Jelaleddiniň şöhratly taryhy ýoluny wasp eden ussat ýazyjylaryň biri Wasiliý Girigoriýewiç Ýançeweskidir.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.