Häzirki ösen jemgyýetimizde sanly ulgama uly orun degişlidir. Bu ugruň ösdürilmegi pudaklarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Sanly ulgam biziň her birimiziň gündelik durmuşymyza-da giňden ornaşýar. Internetiň mümkinçilikleri uly, ondan ýerlikli peýdalanmak ýaşaýyş durmuşymyzda-da, iş şertlerinde-de örän ähmiýetlidir. Biz özümize gerekli maglumatlary, çeşmeleri internetden gysga wagtda alyp hem okap bilýäris. Ýurdumyzdaky gündelik täzelikleri, habarlary internet neşirleriniň üsti bilen okamagy endige öwürýäris.
Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň işiniň barha ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar bilimlerini artdyryp, öwrenýän hünärleri dogrusyndaky düşünjelerini çuňlaşdyrýarlar.