Hindistanyň ýerli neşirlerinde çykan habarlara görä, ýurduň transport ministri Nitin Gatkari bu ýerdäki awtoulaglaryň signallaryny milli sazlar bilen çalyşmagy teklip edýär. Onuň sözlerine görä, hindi halk saz gurallarynyň sesi adamlaryň eşidiş organlary üçin has ýakymly bolar. Şeýle-de ministr Nitin Gatkari «Tiz kömek» we beýleki ýörite awtoulaglaryň çasly seslerini hem «Akaşwani» milli radiostansiýasynda goýberilýän milli sazlary bilen çalyşmagy ýerlikli bolar diýip hasaplaýar.
Maglumat üçin, Hindistanda bütin dünýäniň awtoulaglarynyň diňe 1 göterimi hasaba alnandyr. Ýöne şeýle-de bolsa bu ýurt awtoulaglaryň signallarynyň iň köp ulanylýan ýeridir.