Häzirki wagtda dündelik durmuşy telewizorsyz göz öňüne getirmek kyn. Belki-de, iň köp ulanylýan öý hojalyk enjamy telewizor bolsa gerek. Dürli temalarda maglumat berýän teleýaýlymlaryň köp bolmagy tomaşaçylara ýygy-ýygydan başga teleýaýlyma geçirmegine mümkinçilik döredýär. Mundan birnäçe ýyl ozal adatça, öýdäki iň kiçi çaga buýrulýan beýleki teleýaýlyma geçirmek işini, indi uzakdan dolandyrylýan ýönekeýje enjam ýerine ýetirýär. Köp adam bu enjamyň oýlanyp tapylmagynyň döredýän rahatlygyny nazarda tutup, onuň oýlanyp tapylmagynyň telewizoryň oýlanyp tapylyşy ýaly ähmiýetlidigini aýdýar. Aslynda, uzakdan dolandyrylýan ilkinji telewizorlaryň taryhy gaty bir uzak hem däl. Muňa garamazdan bu enjamlar, takmynan, 60 ýylyň dowamynda ençeme özgerişleri başdan geçirdi. Şeýle-de bolsa, haýsydyr bir elektron enjamy uzakdan dolandyrmaga degişli açyşlar has ir edildi.
Enjamy kabelsiz uzakdan işletmegiň ilkinji mysalyny 1894-nji ýylda iňlis fizigi Oliwer Loj oýlap tapýar. Ol elektromagnit tolkunlaryny ulanyp, elektrik toguny ölçeýän galwanometri döredýär. Soňabaka adamlarda beýleki enjamlary hem uzakdan dolandyrmak islegi döreýär. Şonuň netijesinde hem uzakdan dolandyrylýan telewizorlar, serginledijiler we beýleki enjamlar peýda bolýar. Şu makalamyzda telewizorlaryň şeýle görnüşiniň taryhy barada gysgaça maglumaty size ýetirýäris: