Dil halkyň ykbaly bilen berk baglydyr. Halkyň ykbalyny bolsa onuň diliniň taryhy bilen kesgitlemek mümkin. Munuň şeýledigini Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhyndaky dilimiziň ösüşi tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen edebi dilimize aýratyn sarpa goýup, dilimiziň aýratynlyklaryny şeýle häsiýetlendirdi: «Biziň ene dilimiz – türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr».
Bu ene dilimiz üçin taryhy hakykatlygyna galýar, çünki gadymdan gelýän türkmen diliniň pederlerimiziň guran beýik döwletlerinde ulanylmagy dilimiziň şeýle derejä ýetmegini üpjün etdi.
Türkmen edebi diliniň publisistik stili, türkmen diliniň terminologik leksikasy bilen bagly kitaplaryň, dilimiziň etnonimlerine degişli monografiýanyň hem-de adam adynyň gelip çykyşy baradaky maglumatlary özünde jemleýän sözlügiň we adam atlarynyň üç dilde ýazylyşy boýunça gollanmanyň çap edilmegi Garaşsyzlygymyzyň miwesi boldy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, dilimiziň taryhyna we ýazuw ýadygärliklerimiziň diline, dil biliminiň ösüş taryhyna, edebi diliň stillerine hem terminologiýasyna üns çekildi hem-de şu ugurlarda ylmy-barlag işleri geçirilip, olaryň netijeleri «Türkmen diliniň ýazuw ýadygärliklerinde ýönekeý sözlemiň aýyklaýjy agzalary», «Türkmen edebi diliniň publisistik stili», «Türkmen diliniň terminologik leksikasy», «Dil we döwür» atly kitaplaryň üsti bilen köpçülige ýetirildi. Kowumdaş dilleri deňeşdirip öwrenmek dowam etdirildi we olar boýunça «Türki dilleriň günorta-günbatar toparynda işligiň buýruk formasy» diýen monografiýalar çap bolup çykdy. Dilimiziň işlenilmeli möhüm ugurlary boýunça dissertasiýalar goraldy.