Ynsan ähline nusga

25 Awgust 2021
2228

Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip ugran çagalar üçin mugallym ynsan ähliniň nusgasydyr, göreldesidir. Mugallymyň çagalara berýän pentleri ýöne bir söz bolman, eýsem, olar çaganyň edim-gylymlarynda, özüni alyp barşynda öz beýanyny tapýar. Mugallymyň häsiýetleriniň iň ajaýyp taraplary çagalar üçin nusga bolup galýar.

Islendik käriň eýesi, isle alym, lukman, inžener bolsun, ählisi mugallymdan bilim-ylym, edep-terbiýe alýar. Mugallym ýaş nesliň bilimli, giň gözýetimli bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Mugallym — hemmeleriň halypasy, ýaşlary durmuş ýoluna atarýan ynsandyr.

Güljan BAHTIÝAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.