Gymmatly dökün almak tehnologiýasyna patent alyndy

16 Awgust 2021
2169

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary buýan köki gaýtadan işlenenden soň galyndysyndan dökün önümçiliginiň tehnologiýasyna patent aldylar. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy gymmat bahaly komponentleri ulanmazdan, gymmatly döküni taýýarlamaga mümkinçilik berýänligindedir. Döküni taýýarlamak üçin buýan köküniň önümçiliginiň galyndylary belli bir gatnaşykda mekgejöweniň we ýekeniň galyndylary bilen garylýar. Alnan garyndy ownadylýar, suwa ýatyrylýar we ýörite bellenilen temperatura düzgüninde guradylýar.

Döküniň täze görnüşi peýdaly önüm öndürmek üçin ikilenç çig malyň ykdysady bähbitliligini görkezmäge mümkinçilik berer. Ol bolsa, öz gezeginde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam etmek bilen, geljekde Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda giňden ulanylyp bilner.

Rahmanberdi NÖKEROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.