Ýurdumyzda himiýa, has hem, nebithimiýa we organiki himiýa ylmynyň döremeginde we ösdürilmeginde görnükli işler bitiren alymlaryň biri-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, himiýa ylymlarynyň doktory, professor Aýytmämmet Nyýazowdyr. Şu ýyl alymyň doglan gününe 110 ýyl dolýar. Ol 1911-nji ýylda Çeleken (häzirki Hazar) şäheriniň golaýyndaky Garagöl obasynda eneden dogulýar we ýaşlykda ata-eneden mahrum bolup, agyr çagalygy başdan geçirýär. 1925-nji ýylda şol wagtky Krasnowodsk internatynda okaýar. 1926 — 1929-njy ýyllarda Moskwanyň eteginde ýerleşýän türkmenistanly ýaşlar üçin açylan Ilbaýew adyndaky halk magarif öýünde okaýar. Ýeri gelende aýtsak, şu internatda şeýle hem belli akademikler — himik Öwez Mämmetnyýazow, oftalmolog Sary Karanow, taryhçy Aga Garryýew dagy hem okapdyrlar. 1929 — 1930-njy ýyllarda bolsa A.Nyýazow tejribe-görelde mekdebinde, 1931 — 1932-nji ýyllarda Daşkent rabfagynda bilim alýar. 1932 — 1937-nji ýyllarda Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetinde okaýar. Okuwy üstünlikli tamamlap gelenden soň, ol 1941-nji ýyla çenli Aşgabat döwlet pedagogik institutynda mugallym bolup işleýär. 1941 — 1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. Uruşdan sag-aman dolanyp gelenden soň, himiýa ugurlary boýunça ylmy işleri ýerine ýetirýär we 1948-nji ýylda türkmenlerden ilkinji bolup himiýadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1957-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň täze açylan Himiýa institutynyň direktory wezipesine bellenilýär we şol wezipede tä 1982-nji ýyla çenli işleýär. Şeýle hem şol bir wagtda Türkmen döwlet uniwersitetinde organiki himiýadan kafedra müdiri, professory wezipelerini utgaşdyryp alyp barýar. Onuň ylmy işleri nebitiň himiýasy, nebithimiýa sintezi, organiki himiýa ugurlaryna degişlidir. Ylmy barlaglaryň netijesinde 1962-nji ýylda «Türkmenistanyň nebitleri» 1969-njy ýylda «Naften kislotalary» 1982-nji ýylda «Naften kislotalarynyň efirleri» atly ylmy monografiýalary, köp sanly makalalary, himiýa boýunça ilkinji terminologik sözlükler we başgalar neşir edilýär. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda onlarça ylymlaryň kandidatlary ýetişdirilýär. Ol 1963-nji ýylda ýene-de türkmenlerden ilkinji bolup himiýadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzalygyna, 1969-njy ýylda bolsa onuň akademikligine saýlanýar. Öňki Soýuz döwründe çap edilen «Dünýäniň himikleri» atly kitapda dünýäniň belli himik alymlarynyň hatarynda ol barada maglumat getirilýär. Bu bolsa onuň dünýä möçberinde uly alym hökmünde ykrar edilmegidir. Onuň ylmy pedagogik we jemgyýetçilik işlerinde bitiren hyzmatlary üçin ol «Hormat nyşany» ordeniniň ikisi, birnäçe medallar bilen sylaglanýar. Uly alym we tejribeli halypa mugallym 2006-njy ýylda 95 ýaşynda dünýäden ötýär. Häzirki wagtda tanymal alymyň ýetişdiren şägirtleri dürli ugurlardan onuň yzyny abraý bilen ýöredýärler. Şeýle halypalaryň hyzmatyna sarpa goýýan, olaryň ýatlanmagyna we işleriniň şägirtleriniň üsti bilen dowam etdirilmegine döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtmak bilen, milli Liderimiziň janynyň sag, alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.