Ylym-bilim ulgamynyň belent sepgitleri

28 Iýul 2021
2390

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha belent sepgitlere ýetýär. Ylym-bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, okuw mekdepleriň, çagalar we ýaşlar üçin estetiki we çeperçilik merkezleriň, sport meýdançalaryň onlarçasynyň gurlup ulanmaga berilmegi milli Liderimiziň ýaş nesiller barada edýän atalyk aladalaryndan nyşandyr.

Türkmenistan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda esasy halkara şertnamalaryna ilkinjileriň hatarynda goşulyp, ondaky kadalary milli kanunçylygymyza yzygiderli ornaşdyrmakda, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny berjaý etmekde toplumlaýyn işleri alyp barýar. Milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar we adamyň bilim almaga bolan hukugy, her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliliginiň üpjün edilmegi Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bardygy kesgitlenen. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidilen raýatlarymyzyň bilim almaga bolan hukuklarynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň biliminiň we hünär taýdan taýýarlygynyň dünýä derejesine çykarylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýan zerur hünärmenleriň kemala getirilmegine uly ýardam edýär.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.