Tiztapal – iri söwda merkezi

27 Iýul 2021
2641

Döredilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, «Tiztapal» onlaýn söwda merkezi ulanyjylaryň söýgüsini gazandy. Onuň kömegi bilen ýurdumyzyň marketlerinde we söwda merkezlerinde söwda etmek, kafedir restoranlara sargyt etmek mümkin. Munuň üçin, ilki bilen, söwda merkeziniň ykjam goşundysyny telefonyňyza ýükläp, agza bolmaly. Ulanyjylar türkmen we rus dillerini saýlap bilerler.

Bu onlaýn söwda merkezinde zenanlar we erkek adamlar, çagalar üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle-de «Elektronika we tehnika», «Hojalyk harytlary», «Sport we syýahatçylyk», «Kosmetika», «Bezegler we şaý-sepler», «Matalar we tikin önümleri», «Öý we bag», «Kanselýariýa», «Mebel», «Baýramçylyk we sowgatlar» ýaly bölümleriň bolmagy internet söwdasynyň muşdaklarynyň işini has-da ýeňilleşdirýär. Onda sargydy yzarlamak hyzmaty hem bar.

Mähri Ýagmyrowa
«RYSGAL» gazeti