Yhlasly zähmetiň miwesi

27 Iýul 2021
2536

Ýurdumyzyň telekeçileri hususy önümçiligi ösdürmek boýunça döredilýän oňaýly şertlerden peýdalanyp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirip, bazarlarymyzy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek ugrunda zähmet çekýärler. Terligine doňdurylyp, owadan gaplara gaplanan gök-bakja önümleri we miweler hem ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, aýratyn-da, gyş aýlary ýokary islegden peýdalanýar. Çünki bu döwürde alyjylar witaminlere baý gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini terligine doňdurylan gök-bakja önümleri hem-de miweler bilen kanagatlandyrýarlar.

Telekeçi Amandursun Begjanowa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gelşikli gaplara gaplaýan kärhanada gyş möwsümine gyzgalaňly taýýarlyk görülýär. Her gün ençeme kilogramdan tonna çenli gök-bakja önümleri we ir-iýmişleri terligine doňduryp, gaplaýan kärhanada taýýarlanylan önümleri «Halk market» söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda satyn almak bolýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde kärendesine alnan onlarça gektar ýerde ýeralma we beýleki bakja ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär.

«RYSGAL» gazeti