Mähriban çagalar, köplenç, baýramçylyk dabaralarynda, teleradioýaýlymlardaky çykyşlaryňyzda ýerine ýetirýän «Durnalar», «Dutarym», «Seýle gelseň, bu daglara», «Çeşmeler», «Dag jerenleri» atly aýdymlaryňyzyň sazyny haýsy kompozitoryň döredendigini bilýärsiňizmi? Bu sowala: «Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, sazanda, mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýew döretdi» diýip, jogap berjekleriňiziň kändigini bilýäris. Geliň, ussat sazandanyň döredijilik hem çagalyk ýyllary bilen ýakyndan tanşalyň.
Akmyrat Çaryýew häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara bilim berýär. Ol altmyşa golaý ajaýyp aýdymlaryň sazyny döretdi. «Mukamyň syry» atly çeper filmde Döwran bagşynyň keşbini janlandyrdy. Onuň döwletli maşgalasynda üç ogul, üç gyz perzendi, on iki agtygy, dört sany çowlugy bar. Iki ogly kakasynyň kärini dowam edýärler. Uly ogly Kakamyrat Çaryýew Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebinde dutar mugallymy bolup işleýär we ýaş zehinlere dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwredýär. Halypa sazanda Akmyrat Çaryýewiň döredijiligi, durmuşy baradaky gürrüňlerini onuň özünden eşitmek has-da täsirli bolar.