Türkmen milli oýunlary ata-babalarymyzdan miras galan uly baýlykdyr. Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri ýaly, milli oýunlar hem özüne çekiji güýji, ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin halkyň pähim-paýhasyndan dörän bu oýunlar asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelýärler.
Milli oýunlar pasyllar boýunça oýnalyp, gyşda öýde oýnalýan oýunlara we ýaz, tomus möwsümlerinde daşarda oýnalýan oýunlara bölünýär. Olar oýnuň häsiýetine görä, dürli esbaplardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Bu gezekki gürrüňini etjek oýnumyz tomus aýlary daşarda oýnalýan taklatdy oýnudyr.