Elektrohimiki elementleriň ulanylyşy

16 Iýul 2021
3318

Elektrohimiýanyň döremegi ýa-da başgaça aýdanyňda, energiýanyň himiki we elektriki görnüşleriniň oýlanyp tapylmagy, esasan, gadymy Parfiýa we Merw döwürlerine degişlidir. Ata-babalarymyzyň üzüm şerbetini, sirkäni bişirilen toýun palçykdan ýa-da metaldan ýasalan küýzejiklerde saklandyklaryny çaklamak mümkin. Olar içi sinkli metal gabyň içine başga metaldan ýasalan susagy salmak bilen, gap bilen susagyň galtaşmazyndan ozal, olaryň arasynda özara himiki täsirleşmäniň ýüze çykýandygyny görüpdirler.

Alhimikleriň aglabasynyň häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýaşandyklary çaklanýar. Sebäbi biziň ýurdumyz himiki elementlere, hususan-da, kükürde, ýoda, broma, kümşe, mise we beýleki metallara baý ýurt.

Serdar SULTANMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň tehnologik maşynlar we enjamlar kafedrasynyň dosenti