Ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata söýgini, ony goramaga hem baýlaşdyrmaga bolan höwesi döretmek ýaşlaryň bilimlerini artdyryp, zähmet endiklerini ösdürýär. Bu bolsa saglyk üçin-de ähmiýetlidir. Tebigata söýgi watansöýüjiligi-de terbiýeleýär. Şeýle göreldä eýe bolan nesil sagdyn bedenli, önüp-ösen mukaddes ojagyna we Watana wepaly ýaşlar bolup kemala gelýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda miweli we saýaly agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde döredilýän emeli tokaýlar tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Şeýle tokaýlar howamyzyň arassalygyny-da üpjün edýär. Bu asylly ýörelgä ýaşlaryň-da işjeň gatnaşýandygy diýseň guwandyrýar.