Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen tebigaty goramagyň wajyplygy artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tebigy ýerlerimizi, baglarymyzy goramakda ähmiýetlidir. Hut şonuň üçin tebigata zelel ýetirilmez ýaly, etjek işlerimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerekdir.
Tokaý zolaklary ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň biridir. Howanyň arassa bolmagyny gazanmakda olaryň ähmiýeti uludyr. Ýer atmosferasynyň kislorodynyň altmyş göterimi tokaýyň we seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Orta boýly bir daragt bir gije-gündiziň dowamynda üç adamyň dem almagy üçin gerekli kislorody gaýtadan işläp, bölüp çykarýar. Bir ýylyň dowamynda tokaý, seýilgäh zolaklarynyň bir gektary elli tonnadan ýetmiş tonna çenli tozany öz üstünden geçirip, howanyň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny üpjün edýär.