Şypaly Hazar deňzi

8 Iýul 2021
2592

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen daşky gurşawy goramak, ony ekologiýa taýdan arassa saklamak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak bilen baglanyşykly möhüm işler amala aşyrylýar.

Eziz Watanymyzda daşky gurşawyň goralyp saklanmagy türkmen halkynyň gündelik ýaşaýyş durmuşynda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz: «Tebigata bolan söýgi halkymyzyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri türkmen halkynyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Halkymyzyň bu ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da ösdürilýär» diýip, ynsanyň tebigata, tebigatyň ynsana bolan gatnaşygynyň uzak ýyllaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklarymyza siňendigini nygtaýar.

Bahar Gulçaýewa,
Bereket etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.