Sanly ulgam — üstünlikleriň binýady

7 Iýul 2021
2189

Sanly bilim ulgamy bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron kitaplar, elektron seminarlar, uzak aralykdan bilim bermek ýaly degişli usullar esasynda kämilleşdirmekdir, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermekde we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamakda peýdalanmakdyr. Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde adamlaryň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamy mümkinçilikleriniň çäksizdigi bilen hem tapawutlanýar. Çünki sanly bilim nazary we amaly okuwlary netijeli guramaga, ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlaryna daýanyp, ýaş nesliň täzeçe pikirleri, düşünjeleri almagyna-da ýardam edýär.

Ýaş nesillerimiz Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakyndaky atalyk aladasyna döwrebap bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan yhlasy bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Olar özleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daýanjydygyna, geljekde ýurdy dolandyrmaly adamlardygyna oňat düşünýärler. Şonuň üçinem bilimi durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüp, berk bedenli, sagdyn ruhly, maksada okgunly bolup ýetişmegi esasy maksady hasaplaýarlar. Muny okuwçylaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklerde, olaryň gazanýan üstünliklerinde görýäris.

Baýly BEGENJOW,
Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.