Döwrümiziň bagtyýar çagalary tomusky dynç alyş möwsümi başlanany bäri, Diýarymyzyň iň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän Gökdere jülgesinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler.
Ýakynda bu gözel künjekdäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyryna badalga berildi. Möwsüm başlanany bäri, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtynyň täsirli bolmagy üçin gyzykly çäreler geçirilýär. Gökdere jülgesindäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem Türkmenistanyň Bilim, Içeri işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Halk Maslahatynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda çagalaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmek, bilimini artdyrmak maksady bilen, sport çäreleridir şowhunly bäsleşikler, okuw sapaklary geçirilýär. Bu ýerde iki tapgyrda hem wagtlaryny şadyýanlykda geçiren çagalar öýlerine täsirli ýatlamalar bilen dolandylar.