Kämil tehnologiýalar ösüşe badalga

24 Iýun 2021
1950

Döwrüň kämil tehnologiýalaryny — häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryny gündelik durmuşymyza ornaşdyrmak, onuň aňrybaş mümkinçiliklerinden peýdalanmak diňe bir adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginiň esasyny düzýän ykdysady, syýasy, medeni ösüşleri üpjün etmäge hyzmat etmän, eýsem ösen aňyýetli, intellektual babatda düýbünden täze gözýetimli nesilleriň kemala gelmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda ýurdumyzda bütindünýä ylmynyň gazananlaryny halkymyz, aýratyn-da, ýaş nesillerimiz üçin elýeterli etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Ylmyň zamanabap ösüşler bilen aýakdaş gitmegini özüniň bilim syýasatynyň özenine öwren hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almagy, esasan hem, ylmyň soňky gazananlaryny özleşdirmekleri, bu ugurda dünýäniň ösen döwletleriniň ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysady ulgamlaryna, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa pudagyna, nebitgaz ulgamyna, lukmançylyk pudagyna, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki ähmiýetli ulgamlaryna döwrebap açyşlary ornaşdyrmak üçin ylmy gözlegleriň alnyp barlyşyna aýratyn ähmiýet berýär.

Akgül ANNAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.