Mähriban çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň çar ýanynda amala aşyrylýan beýik işleri, şol işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň günsaýyn özgerip barşyny görüp, bilip ýörensiňiz. Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, halal zähmet çekýän halkymyzyň yhlasyndan döreýän gözellikler siziň Watanymyza bolan söýgiňizi joşdurýandyr.
Şol pursat gursagyňyzda-da çaltrak ulalyp, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli ägirt işlerine goşant goşmak arzuwynyň möwç alýandygyna-da ynanýarys. Çünki siz bagtyýar çagalygyň ýurdunda kämil bilim hem-de terbiýe alýan, her ädimde milli Liderimiziň özüňiz hakynda edýän atalyk aladalaryny aňryýany bilen duýýan nesillersiňiz.