Ösüşlerimiziň ygtybarly kepili

21 Iýun 2021
1949

Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginlerde ösdürilmegine güýçli itergi berýär. Garaşsyz döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegine mümkinçilik berdi. Täze tehnologiýaly kärhanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi ajap eýýamymyzda ykdysadyýetde ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirdi.

Döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine uly üns bermek bilen, milli Liderimiz täze usullaryň, has takygy, häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde giň gerime eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna badalga berdi. 2019-njy ýylda Arkadag Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kämil ulgamyň ornaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýe boldy.