Ylym dünýäsiniň altyn gapysy çuňňur zehin, irginsiz yhlas, dowamly gözlegler netijesinde açylýar

14 Iýun 2021
2353

Döwlet Baştutanymyz: «Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim, ylym, ýaşlar syýasatynda bu meselä aýratyn üns berilýär, degişli kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky», şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Kararlaryna laýyklykda her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşik hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 11-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleri öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ugurlary bar. Yglan edilen bäsleşige ýaşlaryň jemi 1053-si gatnaşyp, baýrakly orunlara hödürlenen ýaşlaryň 57-si — 32 talyp hem-de 25 ýaş alym bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.

Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.