Ýer ýüzünde guşlaryň 10 müňden gowrak görnüşiniň bardygy çaklanylýar. Guşlaryň ýelekli, ganatly, ganatsyz, uçup bilmeýän, ýüzmäge ökde we beýleki birnäçe görnüşleri bar. Beýleki jandarlardan tapawutlylykda, guşlar Ýer ýüzüniň ähli ýerinde duş gelýär. Guşlaryň ululygy 5 santimetrden 2,7 metre çenli aralykda bolýar. Şeýle hem bu jandarlaryň köp görnüşi uzak aralyga göçmegi bilen hem tapawutlanýar. Deňiz guşlarynyň köpüsi Ýeriň günorta polýusyndan demirgazyk polýusyna çenli aralygy uçup geçýärler. Pingwinler we beýleki guşlar suwa çümüp, deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Bu jandarlaryň köpüsi mör-möjekler bilen iýmitlenip, oba hojalygyny dürli zyýankeşlerden goraýar. Guşuň birnäçe görnüşi ganatynyň bardygyna garamazdan, uçup bilmeýär. Kiwi atly guşuň bolsa ganaty hem bolmaýar. Olaryň köpüsi owadan perleri bilen haýran galdyrýar. Owadan guş diýlende, ilki bilen, tawus guşlar ýadyňa düşýän hem bolsa, totular we beýleki ululy-kiçili guşlaryň owadan görnüşlileri az däl. Şeýle guşlaryň käbiri barada täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Toty — bu guşlar diňe adamyň sözüni gaýtalap bilmegi bilen däl, eýsem, owadanlygy bilen hem tapawutlanýarlar. Olaryň arasynda Ara totulary has owadan bolýar. Goýy gök reňkli we gözüniň töweregi sary reňkli bolýan bu guş ganatyny açanynda 130 santimetre ýetýär. Günorta Amerikadaky tokaýlyklarda ýaşaýan bu guşlaryň çüňkleri örän güýçli bolup, gaty gabykly ir-iýmişleri, hatda kokosy hem döwüp bilýärler.