Islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Ýaşlar jemgyýetiň ösüşiniň amala aşyrylmagynyň hereketlendiriji güýji bolýan bolsa, ylym we bilim şol hereketlendiriji güýji ösüşlere ugrukdyrýar. Ähli döwürlerde ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň merkezinde durandygyny hem-de onuň häzirki derejesiniň gazanylmagynda türkmen jemgyýetiniň mynasyp paýynyň bardygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar.
Bilim-ylym ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde, umumybilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý, ýapon dillerini okatmagyň ýola goýulmagynda şöhlelenýär.