Parahatçylygyň aýdyň ýoly

6 Iýun 2021
2390

Parahatçylyk, ynanyşmak ynsan durmuşynda esasy zerurlyklaryň biridir. Ynanyşmagyň bar ýerinde hormat, sarpa dabaralanýar. Ynanyşmak we parahatçylyk ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň binýadydyr. Ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň beýik işleri, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlary dünýäde ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän ýurdumyz sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa galdyrýar. Diýarymyz BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Maral TAGANDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň mugallymy.