Tebigat — bahasyz baýlyk

5 Iýun 2021
1884

Ajaýyp tebigatymyzy aýamak, ony ýangyn howpundan goramak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Gözel tebigatymyzda ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, ministrliklerdir pudak edaralaryna degişli tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangyn howply möwsüm başlanmazdan öň, ýangyna garşy ähli möhüm çäreleri ýerine ýetirmek zerurdyr. Golaýda hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem-de sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bu barada degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz tomsuň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Howanyň gyzmagy we meýdan otlarynyň guramagy sebäpli, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmegi, obalarda, ekin meýdanlarynda, köpçülik ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Tokaý zolaklarynda işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bolan keçe, pil, palta, çäge we beýlekiler bilen üpjün edilip, başga maksatlar üçin ulanylmazdan, abat ýagdaýda saklanmalydyr. Tokaý zolaklarynda aýna, çüýşe gaplary galdyrmak hem howpludyr. Sebäbi Gün şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde, ýangynyň döräp biljekdigini unutmaly däldiris. Şeýle-de tebigatda çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklar siňen esgileri taşlap gitmegiň, guran hapa-haşal otlary ýakmagyň, doly söndürilmedik otluçöp galyndysyny zyňmagyň örän howpludygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.