Tämiz tebigat — sagdyn durmuş

28 Maý 2021
1929

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýanyň arassalygy bilen baglanyşykly Diýarymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan işler göwünlere ganat berýär. Hormatly Prezidentimiziň uzaklary nazarlaýan syýasatynyň netijesinde gojaman Hazaryň kenarynda emele gelen köpugurly şypahana zolagy täze taryhy eýýamyň nyşanyna öwrüldi.

Ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň we ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we bu ugurdaky degişli kanunçylyk namalarynda kesgitlenendigi tebigatyň arassa saklanylmagyna, onuň goraglylygynyň ähmiýetine ýurt möçberinde berilýän ünsüň näderejededigini açyk görkezýär. Munuň şeýledigine biz Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 25-nji maýynda BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden taryhy çykyşyny diňlänimizde hem göz ýetirdik. Milletiň Lideriniň şol taryhy çykyşynda jemi içerki önümiň birligine görä, energiýa sarp edilişiniň udel agramynyň peselmegi netijesinde ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli azaltmagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdanlary tebigatyň daşky gurşawyň goraglylygy bilen baglanyşykly işleriň hemişe döwletiň üns merkezinde boljakdygynyň subutnamasydyr.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.