Ekologiýa diplomatiýasy dabaralanýar

27 Maý 2021
1864

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumyna sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşmagy we halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmegi ýurdumyzyň bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýändigine we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde iri serişde öndüriji ýurtlaryň biri bolan we bu ugurda öz jogapkärçiligine doly düşünýän Türkmenistan önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Uglewodorod serişdeleri özleşdirilende, täze kärhanalar gurlanda, daşky gurşawy goramak, tokaý zolaklaryny döretmek we ösdürmek, çölleşmek meýline garşy çäreleri geçirmek hökmany zerur şertleriň hatarynda durýar. Şeýle hereketler BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Hydyrguly ALLAÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýetleriň işini guramak boýunça müdirliginiň müdiri.