Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň innowasiýalara esaslanyp ösüşi

25 Maý 2021
3209

Dünýä ykdysadyýetiniň innowasiýalara esaslanyp ösýän häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň kämil ösüşli ykdysadyýetinde syýahatçylyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, ýurduň ykdysady ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirmek bilen, ol durmuş-ykdysady ösüşiniň özboluşly hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman milli syýahatçylyk düzümini döretmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň çäginde syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitlemek babatynda uly işler durmuşa geçirilýär. Syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, erkin ykdysady zolak bolan Awazada, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ajaýyp myhmanhanalar toplumlarynyň, ähli amatlyklary bolan dynç alyş, sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär» diýip belleýär.

Gülnabat SAPAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dünýä ykdysadyýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby.