Gülzarlyga beslenen şäher

16 Maý 2021
1807

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, halkara syýasy, ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Gülläp ösýän Aşgabat bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde hem bellidir, döwrebap şäheriň keşbini köp sanly owadan seýilgähler, suw çüwdürimleriniň toplumlary bezeýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tebigy gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygy baradaky başlangyçlaryna biz — ýaşlar uly joşgun bilen goşulyşýarys. Milli Liderimiz ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny ilkinji şertleriň biri hökmünde öňe sürýär. Ekologiýa meselesi Aşgabady ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Gözel paýtagtymyzda täze desgalaryň gurluşygy we bar bolan binalaryň durkuny täzelemek işleri bilen birlikde, ýaşyl hem-de seýilgäh zolaklaryny döretmek we abadanlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk bag ekmek dabaralarynyň yzygiderli geçirilip, her ýyl müňlerçe bag nahallarynyň oturdylmagyna badalga bermegi, bu işde özüniň görelde görkezmegi biz — ýaşlaryň ekologiýa medeniýetiniň kämilleşmegine, bu ugur bilen içgin gyzyklanmagymyza itergi berýär. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygy meselelerine aýratyn üns berip, ilatyň arasynda has amatly durmuş we estetiki gurşawy kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän bag ekmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär. Paýtagtymyzyň gözelligi bilen aýratyn sazlaşyk döredýän ýaşyl öwüsýän, oňaýly seýilgähleri we seýilbaglary höwes bilen dynç alynýan ýerlere öwrüldi.

Begenç ANNAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.