Eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty

6 Maý 2021
2210

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmäge täze mümkinçilikler açylýar. Munuň özi daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny tebigatyň sazlaşygy bilen berkidýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Ýurdumyzda jemgyýetiň ösüşini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen möhüm konwensiýalary, teswirnamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýurdumyz biodürlüligi gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny aýawly we rejeli peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak, Aral deňziniň ekologiýa meselelerini çözmek barada degişli çäreleri durmuşa geçirmekde hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly halkara bileleşigi tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine öz saldamly goşandyny goşýar.

Möhüm ekologiýa meseleleriniň arasynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem-de bu ugurda giň möçberli işleriň alnyp barylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda döwrebap, ekologik nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem, howanyň arassalygyna we daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik standartlara we gurulýan zawodlara, fabriklere, kärhanalara, ýaşaýyş-durmuş desgalarynyň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynda berkidilen konstitusion kadalara laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goraýyş kanunçylygynyň yzygiderli ulgamy döredildi. Onuň esasy wezipesi döwletimiziň tebigy gurşawy goramaga, onuň baýlyklaryny aýawly peýdalanmaga we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen syýasatyny hukuk taýdan üpjün etmekden ybaratdyr.

Bagdagül ANNAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.