Welaýat kitaphanasynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşik ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmagy, olara kitaphana işinde täze, döwrebap usullaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny we kitaphana hyzmatynyň medeniýetiniň kämilleşdirilişini düşündirmegi maksat edindi. Üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň ilkinji tapgyryna orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ikinji tapgyryna talyplar, üçünji tapgyryna bolsa edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Bäsleşik bäş şertden ybarat bolup, oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri esasynda taýýarlanylan sowallara jogap berdiler. Magtymguly Pyragynyň watançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky goşgularyndan birini ýatdan aýtdylar we onuň manysyny düşündirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky rowaýatlardan gürrüň berdiler. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky nakyllaryň manysyny düşündirdiler hem-de nusgawy şahyrlaryň goşgularyny ýatdan aýtmakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.