Sanly bank ulgamy kämilleşdirilýär

27 Aprel 2021
2343

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda netijeli pul-karz syýasatyny alyp barmak, maliýe bazaryny düýpli ösdürmek, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we talap edilýänçä görnüşindäki goýumlara çekmek, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek babatynda anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ulgama sanly bank önümleri giňden ornaşdyrylýar, elektron töleg ulgamy kämilleşdirilýär. Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly amallaryň ýerine ýetirilmegi, internetiň giň mümkinçilikleriniň hödürlenilmegi halkyň artýan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Güljahan SUMBAROWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ahal welaýat şahamçasynyň Ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň başlygy.