Iň eýjejik gyzjagaz — 2021

22 Aprel 2021
3270

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda, Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna mahsus ruhubelent, şadyýan gurşawda dowam edip, netijeli hem many-mazmuna baý öwüşgin bilen jemlendi.

Çagalar we olaryň bagtyýar geljegi ugrundaky aladalar ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim-sowatlylygyny, zehin-başarnyklaryny açyp görkezýän dürli ugurly çäreler milli bilim ulgamynyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde durmuşa geçirýän meýilnamalarynyň esasyny düzýär. Berkarar döwletimizde ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly ajaýyp bäsleşik ýaly, birnäçe çäreleriň tapgyrlaýyn esasda, yzygiderli geçirilmegi ýaş nesilleriň bilimdir zehinleriniň, ukyp hem başarnyklarynyň açylmagyna giň ýol açýar. Öwredijilik we döredijilik ähmiýetli şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan guralmagy üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler öz datly miwelerini hem berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz döwletimiziň geljegi bolan körpe nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylym-bilime, medeniýete we sungata, sporta höwesli ýaşlar bolup ýetişýändigi ählimizi guwandyrýar hem buýsandyrýar.

Gülälek BABAÝEWA,
«Güneş».